JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer.

Resminama Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly lçisi Szi Şumin gol çekdi.

Gol çekilen resminama toplanan oňyn tejribäni alyşmagy, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryna ösen innowasion çözgütleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.

Related posts

Ilkinji çekilen gol satyldy

Ata Watan Eserleri

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Milli howpsuzlyk ministri «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglandy