BIZNES

Türkmenistan BAE-den kompressor satyn alar

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernini zerur bolan kompressorlar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Pioneer House General Trading L.L.C” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Related posts

Türkmenistanda zyňyndy plastik gaplardan sintetop öndüriler

Birža täzelikleri: suwuklandyrylan gaza uly gyzyklanma

Türkmenistan’dan elektrik enerji ihracatı atılımı

vepa