SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Stambul ugry boýunça ýörite gatnawlar artdy

Soňky döwürde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ýörite uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli artýar. Bir tarapdan “Türkmenistan” awiakompaniýasy, beýleki tarapdan “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan-Tükriýe ugry boýunça ýorite gatnawlary ýerine ýetirip gelýär.

Gelip gowşan täze habara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu gün we düýn Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyny ýerine ýetirdi.

Bu ýörite gatnaw Türkiýede bilim almaga isleg bildirýän türkmen talyp dalaşgärleir üçin örän uly mümkinçilikdir. Şeýle hem bu gatnaw arkaly ýurdumyzyň raýatlarynyň hem ençemesi Watanymyza dolanyp geldiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy awgust aýynda birnäçe ýörite gatnawlary ýerine ýetirdi.

Şeýle hem awgust aýynyň 26-syndan 27-sine geçilen gije “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Tükrmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyny amala aşyrdy.

Related posts

Arkadag şäherinde hereket edýän şäheriçi elektrobuslaryň gatnaw tertibi

Azyk önümleriniň kadaly saklanylmagyna üns bermeli

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawy