MEDENIÝET

Türkmen wekiliýeti «Altyn minbar» halkara kinofestiwalyna gatnaşýar

Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde Galiasgar Kamal adyndaky teatrda «Altyn minbar» halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasynda festiwalyň ýolbaşçysy Rawil Gaýnutdin we Tatarystanyň medeniýet ministri Irada Aýupowa çykyş etdi.

Tatarystanyň medeniýet ministri şeýle hem Russiýanyň medeniýet ministri Olga Lýubimowanyň gutlag sözüni okady. Çykyşlardan soňra sazly hem-de sahnalaşdyrylan teatr çykyşlary görkezildi.

Türkmenistanyň kino sungatynyň wekilleri hem yzygiderli bu festiwala gatnaşyp gelýär. Üstümizdäki ýylda hem Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili, režissýor Sahysalyh Baýramow bu festiwala gatnaşýar.

Festiwalda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly çeper filmi görkezilip, ol hem kino söýüjileriň uly hormatyna eýe boldy.

Bu ýyl forumyň esasy bäsleşik maksatnamasyna 54 film girizildi, ýene 92 film bolsa bäsleşikdn daşary maksatnamalarda görkezilýär.

Related posts

Jamilýa Gurbanowa: Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň saz däplerini meňzeş owazlar birleşdirýär

Lazio sebitinde durmuşa çykanlara Italiýa 2000 ýewro berer

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler