BILIM

Türkmen talyby Belarusyň wise-çempiony

Türkmenistanly talyp Belarusyň pankration çempionatynda kümüş medal gazandy

Ýakynda Molodeçno şäherindäki sport toplumynda pankration boýunça Belarus Respublikasynyň çempionaty geçirildi. Oňa türkmenistanly talyp ýigit hem gatnaşyp, ýurduň wise-çempiony bolmagy başardy.

Belarusyň Pankration we başa-baş söweş sungaty federasiýasynyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, biziň ildeşimiz — talyp ýigit Abdylla Taýhanow 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol finalda ýerli türgen Rustam Mohammadudan asgyn gelip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Bürünç medaly bolsa ýene bir ýerli türgen Denis Beloglazow eýeledi.

Ozal karate bilen meşgullanan Abdylla Taýhanow Türkmenistanyň milli ýygyndyndysynyň hatarynda baýrakly orunlara hem mynasyp boldy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Related posts

Talyp-2022:Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Amerikanyň iň gowy 25 döwlet uniwersiteti: 8-si Kaliforniýadan

Türkiýäniň uniwersitetleriniň uçurymlary üçin baýrakly meýilnama

Ata Watan Eserleri