JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Donald Trampa gutlag hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Donald Trampa ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Hususan-da bu Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Biz Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýlek-de ösdüriljekdigine ynanýarys.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Related posts

Gün energiýasyna uly gyzyklanma

Ata Watan Eserleri

YHG-niň XV sammitine taýýarlyk görülýär

Jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl baýramy günlerindäki iş tertibi