JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çägini synlap, ýerine ýetirilýän işleriň hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de sport toplumynyň taýýarlanylan taslamalary we täze şäheriň çäginde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada maglumat berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, olar dogrusynda gymmatly maslahatlaryny berdi.

Related posts

3.Dünya Göçebe Oyunları: 5 günde 23 madalya

vepa

37 milliard amerikan dollary : Gurluşyk Taslamalary

Dr.Döwran Orazgylyjov

Ýurdumyzyň banklary täze jaý toýuny tutdy

Ata Watan Eserleri