DÜNÝÄ

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi Nury Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Marat Mamataliýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň parlamentara gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar ýaly köp sanly ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýän parlamentara dialogyň ösdürilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýän dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda özara saparlary guramak, dürli derejelerde gatnaşyklary dowam etdirmek, şeýle hem iki ýurduň wekilleriniň halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmen wekiliýetiniň Dubaýdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary

“Google”-den mugallymlar üçin taslama

Türkmenistan Liwan Respublikasyna ilçi belledi

Ata Watan Eserleri