BIZNES

Türkmen-german işewürlik maslahaty geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 20-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik maslahatyny hem-de 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde “Türkmenistan — maýa goýum we ösüş” atly forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilýän halkara maslahatlary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Berlin şäherinde boljak Türkmen-german işewürlik maslahatynda, şeýle hem London şäherindäki maýa goýum forumynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalara uly orun berilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Owganystan 2025-nji ýyl üçin goşmaça elektrik şertnamasyny baglaşdy

Ata Watan Eserleri

İhaleler: Tekstil Bakanlığı’ndan yeni fabrika inşaat ihalesi

vepa

TNGIZT-den A-98 marka benzin üçin halkara bäsleşik

Ata Watan Eserleri