JEMGYÝET

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Milli baýlygymyz we guwanjymyz, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, türkmen atlarynyň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň atbakary Rejepmuhammet Ataýewiç Gylyjowa;

hususy atşynas Ataberdi Borjakowa;

Aşgabat şäherinden hususy atşynas Bäşim Öwezmyradowiç Bäşimowa;

Balkan welaýatyndan hususy atşynas Orazdurdy Mämmetniýazowiç Orazmyradowa;

Daşoguz welaýatyndan hususy atşynas Hemra Täzebaýewiç Rejepowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Related posts

Ömri 10 ýyl uzaltmak üçin

vepa

Özbek Lider: Türkmenistan bölgedeki stratejik ortağımız

vepa

Lebedewe Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy