DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasy Türkmenistandaky saýlawlara ýokary baha berdi

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda berlen press-relize görä, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanda geçirilen parlament saýlawlaryna ýokary baha berdi.

Beýanatda Türkiýäniň Türkmenistanda geçirilen parlament saýlawlarynyň parahatçylykly we asuda ýagdaýda geçirilendiginden uly hoşallyk duýýandygy bellenildi.

Şeýle hem bu beýanatda dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň durnuklylygyna uly ähmiýet berýändigi aýdylýar.

Şeýle hem Türkiýäniň Daşary işler ministrligi saýlawlaryň netijeleriniň türkmen jemgyýetine peýdaly boljakdygyna umyt bildirdi.

Related posts

Awaza: ýerli we daşary ýurtly habarçylar sammitde

Ata Watan Eserleri

Wladimir Putin sapar bilen Hytaýa bardy

“Awaza – dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

Leave a Comment