MEDENIÝET

Türkiýäniň Türkmenistanda geçiriljek Medeniýet günleriniň meýilnamasy bilen tanyş boluň!

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 18 — 20-nji noýabrynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda geçiriljek Medeniýet günleriniň meýilnamasy bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Bu barada Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berildi.

18-nji noýabr:

11:00 – 12:00 – Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy hem-de Türkiýäniň milli tagamlarynyň hödür edilmegi.

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi.

19:00 – 21:00 – Türkiýe Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti.

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi.

19-njy noýabr:

Türkmenabat şäheri:

17:00 – 18:30 – Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti.

Geçirilýän ýeri: Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry.

Aşgabat şäheri:

09:00 – 18:00 – Türkiýe Respublikasynyň amaly-haşam hem-de ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň işiniň dowam etmegi.

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi.

19:00 – 21:00 – Türk kinofilminiň görkezilişi.

Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» kinoteatry.

20-nji noýabr:

10:30 – 11:30 – Myhmanlaryň Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmekleri.

12:00 – 13:00 – Myhmanlaryň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Watan mukaddesligi» muzeýine baryp görmekleri.

14:00 – 16:00 – Myhmanlaryň Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine we söwda merkezlerine baryp görmekleri.

15:00 – 16:00 – Türk kinofilminiň görkezilişi.

Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» kinoteatry.

17:00 – 18:00 – Türkiýäniň dokma atlasynyň sergisi hem-de milli türk lybaslarynyň görkezilişi.

Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýy

 

Related posts

“Gyzyl kürte” atly film surata düşürilýär

Ata Watan Eserleri

«Daragt» çeper filmi Täjigistanda halkara baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Lady Gaganyň nobatdaky albomy