JEMGYÝET

Türkhowaýollary kompaniýasyndan möhüm ýatlatma

Türkiýäniň Türkhowaýollary (THY) kompaniýasy howa menzillerinde koronawirus sebäpli käbir goşmaça öňüni alyş çäreleriniň geçirilýändigini mälim etdi. Kompaniýa özüniň “Miles  & Smiles” maksatnamasynyň çäklerindäki müşderilerine elektron hat iberdi. Şol elektron hatda goşmaça öňüni alyş çäreleri üçin ýitirilýän wagtyň öwezini dolmak üçin ýolagçylaryň uçar gatnawynyň wagtyndan azyndan 3 sagat öň howa menziline gelmegi maslahat berildi.

Şoňa laýyklykda hasaba alyş amallarynyň içerki gatnawlar üçin uçaryň uçýan wagtyndan 60 minut, halkara gatnawlarda bolsa 75 minut öň tamamlanýandygy hem ýatladyldy.

Related posts

Okumak gelişimin anahtarıdır

Türkmenistanda ÝUNISEF bilen bilelikde «Ýaşyl mekdep» taslamasy durmuşa geçiriler

Bethoweniň 250 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçiriler

Ata Watan Eserleri