DÜNÝÄ

Türk Geňeşi türkmen-azerbaýjan ylalaşygyna ýokary baha berdi

Türk Geňeşi Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama ýokary baha berdi. Bu barada geňeşiň resmi “Twitter” jemgyýetçilik torunda degişli beýanat ýerleşdirilipdir. Beýanat türk metbugatynda uly orun aldy we giň seslenme döretdi.

Şol beýanatdan görnüşi ýaly, Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türk Geňeşi), Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda “Dostluk” ýatagynda özara hyzmatdaşlyk etmek babatda gazanylan ylalaşygyň Türk Geňeşi ýurtlarynyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyny belläp geçýär. Şeýle hem beýanatda Türk Geňeşiniň Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjanyň Hökümetiniň arasyndaky bu möhüm ylalaşyga ýokary baha berýändigi mälim edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Türk metbugatyndaky habara görä, Hazar deňzindäki bu ýatagyň takmynan 60 million tonna nebit hem-de 100 milliard kubmetr tebigy gaz gorunyň bardaygy hem bellenilip geçilýär.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Related posts

Azerbaýjan BRIKS guramasyna goşulmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider: Türkmenistan ile Azerbaycan enerji sektöründe lider

vepa

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer