BIZNES

TSTB-niň sergisiniň işiniň wagty uzaldyldy

Ýerli hususy işewürligiň wekilleriniň gazananlaryna we Milli Bahar baýramyna bagyşlanyp geçirilýän sergi babatda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň bildiren uly gyzyklanmasy bilen baglylykda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi serginiň işini 23-nji marta çenli dowam etjekdigini yglan edýär. Bu barada Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi internet sahypasynda bellenilýär.

Ýöriteleşdirilen sergi Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçirilýär hem-de öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň giň gerimini görkezýän iki ýüze golaý diwarlyklary birleşdirýär.

Adatça, bu serginiň 2 gün ýagny 17-18-nji mart aralygynda dowam etdirilmegi göz öňünde tutulypdy. Ýöne ýurdumyzda Milli Bahar baýramynyň giň gerimde bellenilýän günlerinde serginiň işiniň möhletiniň uzaldylmagy hoş habar bolup durýar.

 

Türkmen telekeçileriniň sergisi

 

Abadan haly- owadan haly

 

Related posts

Döwlet býujetiniň çykdajylary azaldylar

Dokma kärhanalary hususylaşdyrylar

Ata Watan Eserleri

Hazar’ın Türkmen Kıyısında Enerji Üretimi Artmaktadır

vepa