DÜNÝÄ

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Gazagystan Respublikasynyň “Amanat” syýasy partiýasy ýurduň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi nobatdan daşary prezident saýlawlary üçin dalaşgärlige hödürledi. Bu barada partiýanyň geçirilen nobatdan daşary sessiýasynda mälim edildi.

Gazagystandaky dolandyryjy partiýanyň ýolbaşçysy Erlan Koşanow Tokaýewi prezidentlige dalaşgär görkezmek babatda çykyş etdi. Mejlise gatnaşan 1,2 müň partiýaly bu dalaşgärligi birazgyndan goldady.

– Biz geçmişe dolanmaly däldiris. Giň gerimli özgertmeler üçin onuň kanuny dowamlylygy zerurdyr. Döwletiň öňünde duran beýik maksatlara we ideallara ýetmek üçin bize mynasyp lider gerek – diýip, Koşanow partiýanyň mejlisinde çykyş etdi.

Partiýanyň nobatdan daşary sessiýasy 20-nji noýabrda geçiriljek nobatdan daşary prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda geçirildi. Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, prezidentlige dalaşgärler respublikan jemgyýetçilik bilelşikleri tarapyndan hödürlenýär.

 

Related posts

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy we Pusan şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýlar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment