BIZNES

Tehnologýa ägirtleriniň awtoulag maýa goýumlary

Ýaňy-ýakynda Amerikanyň “Apple” kompaniýasy özüniň hususy güýç berijileri bilen enjamlaşdyryljak elektrik awtoulagyny öndürer diýip habar berildi. Şondan soňra Günorta Koreýanyň “LG” tehnologiýa kompaniýasy bu ulag bazaryna girýändigini mälim etdi.

“LG” kompaniýasy beýanatynda “Magna International” kompaniýasy bilen bilelikde elektron hereketlendirijileri, bortdaky güýç berijileri we elektron hereketlendiriji ulgamlaryny öndürmek üçin kärhanananyň döredilendigini mälim edýär.

Bu kompaniýa “LG Magna e-Powertrain” diýlip atlandyryp, onda ABŞ-dan, Günorta Koreýadan we Hytaýdan müňlerçe adamlar zähmet çekerler. Täze kompaniýanyň bahasy 1 milliard dollara barabar bolsa, onda 51% göterime “LG” kompaniýasyna 49% göterim bolsa “Magna International’ kompaniýasynyň paýy bar diýip habar berilýär.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Related posts

Türkmenistan’da yeni enstitü kuruldu

vepa

Türkmenistanda hususy notarius bolmak : Ygtyýarnamanyň mazmuny

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: türk işewürleri uçar kerosinini satyn aldy