JEMGYÝET

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Aşgabada geldi

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti üç günlük sapar bilen Aşgabada geldi.

Saparyň esasy maksady — iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmekden ybaratdyr.

Myhmanlar saparyň maksatnamasyny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan başladylar. Sirojiddin Muhriddin we wekiliýetiň agzalary «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň ekspozisiýasy bilen tanyşdylar. Sergi bilim, dynç alyş we çagalar senagaty ulgamynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary görkezýän çagalar harytlaryny hem-de hyzmatlaryny öndürijileri birleşdirdi.

Soňra täjik wekiliýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna baryp gördi we ol ýerde Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.

Wekiliýet agzalary Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda hem bolup, täjik şahyry Saýido Nasafiniň ýadygärligine gül goýup, ony sarpaladylar.

Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna Halkara Aşgabat atçylyk-sport toplumyna baryp görmek hem girdi.

Täjigistanyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary 21-nji awgusta çenli dowam eder.

Related posts

Türkmen türgenleri XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Düýäniň iň çuň nokadyndaky täsin tapyndy

vepa

Owganystanyň halkyna kömek etmegiň ýollaryny tapmaly

Ata Watan Eserleri