BIZNES

Täjigistan Owganystana elektrik eksportyny artdyryp biler

Täjigistan Owganystana elektrik eksportuny artdyryp biler. 2024-nji ýylda bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 17% ýokarlanyp biler. Bu barada metbugat ýygnagynda “Barki Tojik” döwlet energiýa kärhanasynyň başlygy Mahmadumar Asozoda habar berdi.

“Hakykatdanam, “Barki Tojik” bilen “Breşna” kompaniýasynyň arasynda elektrik üpjünçiligi üçin şertnama baglaşyldy” – diýlip belledi.

2024-nji ýylda Owganystana elektrik eksport etmegiň möçberi 1,9 milliard kWt bolar.

Asozoda, geçen ýyl Täjigistanyň 2,677 milliard kWt sagatda elektrik energiýasynyň eksport edendigini, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 124,2 million köpdügini aýtdy.

2023-nji ýylda Täjigistan goňşy Owganystana 1,6 milliard kWt elektrik energiýasy iberdi.
​

Related posts

«7 gün» şertbetleriniň görnüşi 11-e çykdy

Kiçi we orta telekeçilige 10 million dollarlyk maliýe goldawy: COVID-19

Ata Watan Eserleri

Bezosdan Obama gaznasyna 100 million dollar