DÜNÝÄ

Süýjülik torty barada maglumat

Daşky şekili, tagamy , süýjüligi bilen uly-kiçini özüne bendi eden süýjülik tortlarymyz häzirki wagtda her bir öýüň saçagynyň gelişigi. Süýjülik tort barda nämeler bilýäris? Ol haçan we näme maksat bilen döredildi?

Süýjülik torty XII asyryň soňlarynda ýüze çykyp, çöregiň üstüne bal bilen şekiller ýasalyp ulnylypdyr. Häzirki wagtda has kämilleşip, dürli-dürli görnüşleri öndürilýär. Keksleriň taryhy Antik döwre degişlidir. Peçde bişirmegiň görnüşlerini oýlap tapan Müsürlilerdir. XIII asyrda iňlisler “Cake” sözüni ulanyp başlaýar. Süýjülik tortunyň XVIIasyrda Ýewropada bişirilip başlanandygy aýdylyp geçilýär. Häzirki süýjülik torty XIX asyrda Amerikada  görüp bileris. Baýlar tort bişirýän zenanlary diňe öz ýanlarynda saklap, özleri üçin tort bişirdýän ekenler.

Taryhda tortuň döredilen ýeri Fransiýa diýip aýtsagam ýerlikli bolar.  1879-njy ýylda  Fransiýanyň garyplary aýaga galdylar, çünki olaryň iýmäge çörekleri ýokdy. Bu ýagdaýy bilen şazenany Marie Antoinette “çörek tapmaýan bolsalar, goý, olar tort iýsinler”diýen  samsyk pikirleri bilen taryhda galypdyr.  Köşkde  tort bişirýän zenanlar işden kowlup, olar ýurduň dürli- dürli ýerlerinde özlerine mahsus tort bişirilýän ýer açyp, tortlaryň görnüşleriniň ýaýramagyna täsir etdiler.

XIII asyrda “Krem Şanti” döredilip, ulanylyp başlandy.

1930-njy ýylda le Notriniň tortuň iň aňsat taýýarlanyşy barada ýazan kitaby neşir edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Mustakillik meýdanyna gül goýdy

 

Related posts

Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri belli bolar

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

Türkmenistanyň suw meselelerini deň derejede çözmäge ygrarlylygy