JEMGYÝET

Söwda senagat edarasynda sergi geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi. Bu sergä ýurdumyzyň telekeçileriniň 200-den gowragy öz öndürýän önümleri bilen gatnaşdy. Sergide milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ýeten belent sepgitleri, hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlary, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri uly orun aldy. Telekeçiler sergä gatnaşyjylara öz kärhanalary, öndürýän önümleri barada giňişleýin tanyşdyrdylar. Olar kärhanalarda ornaşdyrylan enjamlar, hyzmatdaşlary şeýle hem geljekde meýilleşdirýän işleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Serginiň giň gerimli zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 12 ýylda gazanan üstünliklerini görmek bolýar. Bu sergi şu ýylyň mart aýynyň 17-18-nji marty aralygy geçirilýär.

Related posts

İhaleler: Cam Fabrikası’nın ürünlerinin yurtdışına pazarlanması

vepa

Şu hepdäniň howa maglumaty: Howanyň gowşamagyna garaşylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” toparyny gutlady