DÜNÝÄ

Sagatda 12 müň ýolagçy! Eminönü-Alibeýköý tramwaý liniýasy açyldy

“Eminönü-Alibeyköy” tramwaý liniýasynyň birinji bölümi açyldy. Onuň açylyş dabarasynda Stambul şäheriniň häkimi Ekrem Ymamogly, JHP partiýasynyň ýolbaşçysy Kemal Kylyçdarogly, IYI partiýasynyň ýolbaşçysy Meral Akşener gatnaşdy.

Bu liniýanyň sagatda bir ugurda 12 müň ýolagça hyzmat etjekdigi mälim edildi.

Haliç kenarynyň taryhy we syýahatçylyk ähmiýetine ünsi çeken Ekrem Ymamogly: “Şu günki tramwaý şeýle rol oýnar. Bu sebitiň adamlaryny Sirkeçiden Alibeýköýe alyp barar, şeýle hem bu ajaýyp geografiýanyň syýahatçylygyna goşant goşar” diýip belledi.

Ymamogly dowam edýän metro işlerine ünsi çekip, maksadynyň her ýylda 5 kilometrlik metro liniýasyny gurmakdygyny aýtdy.

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Related posts

Sankt-Peterburgda «Türkmen alabaýy» Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy

vepa

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň bir hepdelik Aziýa sapary

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň öňdebaryjy neşiri öz sanyny Türkmenistanyň üstünliklerine bagyşlady