JEMGYÝET

Rus wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin gelen Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus toparynyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada pikir alyşdylar. Hökümetara toparyň Teswirnamasy bilen bilelikde dört sany ikitaraplaýyn resminama gol çekilen 2019-njy ýylyň 5-nji maýynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Hökümetara toparyň 11-nji mejlisi hem bellenip geçildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň Teswirnamasynyň düzgünlerini gazanylan ylalaşyklara görä durmuşa geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçilikleri nazarda tutup, taraplar ikitaraplaýyn oňyn özara hereketleri dowam etdirmek boýunça isleglerini beýan etdiler.

Related posts

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Antoniu Guterrişi gutladylar