JEMGYÝET

Ronaldu ökünýär

Italiýanyň «Ýuwentus» futbol klubynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu ozalky topardaşlarynyň biri bilen gürrüňdeşlikde «Realdan» gaýdanyna ökünýändigini aýtdy.

Ýyldyz futbolçynyň pikiriçe, Italiýanyň çempionatynyň derejesi Ispaniýanyňkydan pes. Eger ol häli-häzire çenli «Realda» oýnap ýören bolsa, belki, şu ýyl «Altyn topa» mynasyp bolup bilerdi.

«France Football» tarapyndan geçirilýän ses berlişik esasynda ýylyň iň gowy futbolçylarynyň ýaryşynda Ronaldo üçünji orny eýeläpdi. «Altyn topa» bolsa karýerasynda altynjy gezek onuň ezeli bäsdeşi «Barselonanyň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi mynasyp boldy.

Dogry, Ronaldu 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Italiýanyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy. Ýöne «Altyn toplara» endik eden superýyldyzy bir döwletiň iň gowusy bolmak kanagatlandyrjakmy?

Kriştianu Ronaldu 2018-nji ýylyň tomsunda 117 million ýewro baha bilen «Realdan» «Ýuwentusa» geçdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmen metbugatynda-04.03.2019

vepa