SPORT

Ronaldo Türkiýe we Siriýa ynsanperwer kömegini iberdi

Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda çykyş edýän portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo Türkiýede we Siriýada bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çekenler üçin ynsanperwer kömegini iberdi.

Angliýanyň “Daily Mail” neşiriniň habaryna görä, Ronaldonyň başlangyjy bilen bir uçar doly ynsanperwer ýüki Türkiýe bilen Siriýa iberildi.

Ynsanperwer kömekleriniň hatarynda çadyrlar, azyk önümleri, odeýallar, çagalar üçin iýmitler we lukmançylyk serişdeleri bar.

Zerur bolan bu ynsanperwer ýüki ýertitremeden ejir çeken sebitlere iberiler.

 

Related posts

Çempionlar ligasynyň finaly nirede oýnalar?

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa – ilkinji finalçy

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar

Leave a Comment