SPORT

Ispaniýa – ilkinji finalçy

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda ýarym finalyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda şu gezekki çempionatda has netijeli hem-de has erjel oýun görkezip gelýän Ispaniýa bilen Kilian Mbappeli Fransiýa duşuşdy.

Duşuşyk 2:1 hasabynda Ispaniýanyň peýdasyna tamamlandy we Ispaniýa finala çykan ilkinji ýygyndy boldy. Turuwbaşdan çempionat başlandna bäri Ispaniýanyň ýygyndysy ýeňilmän gelýär.

De la Fuenteniň şägirtlerinden ýaş futbolçy Lamin Ýamalyň uzak aralykdan geçiren owadna goly ýarym finalyň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy.

Fransiýa duşuşygyň 9-nji minutynda Kolo Muani bilen öňe saýlandy. Lamin Ýamal 21-nji minutda hasaby deňledi, Olmo bolsa 25-nji minutda Ispaniýany öňe geçirdi.

Duşuşyk şol hasapda hem tamamlandy.

Related posts

“Arkadag” topary çempionaty ýeňiş bilen başlady

Halkara sambo federasiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Çempionlar ligasy: iňlis toparlary ýarym finalda

Ata Watan Eserleri