SPORT

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

“Al-Nasr” topary Saud Arabystanynyň futbol boýunça çempionatynyň 30-njy tapgyrynda “Al-Ahli” toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňdi.

Gollary Kristiano Ronaldo (76-njy minutda) we Kingsli Koman (90-njy minutda) geçirdiler. Ronaldo üçin bu gol karýerasyndaky 970-nji gol boldy. Portugal hüjümçisi futbol taryhynda iň köp gol geçiren futbolçysy bolup durýar.

Häzirki wagtda “Al-Nasr” topary 79 utuk bilen çempionatda birinji orunda barýar.

Saud Arabystanynyň çempionatynda toparlar jemi 34 duşuşyk geçirerler. “Al-Nasr” iň ýakyn bäsdeşi bolan “Al-Hilal” toparyndan 8 utuk öňe saýlandy, ýöne bäsdeşiniň ätiýaçda entek bir oýny bar. Çempionatynyň liderleri 12-nji maýda “Al-Nasryň” meýdançasynda özara duşuşyk geçirerler. Şol duşuşyk hem belki çempionatyň ykbalyny kesgitlär.

Related posts

Messi toparyny ýarym finala çykardy

Klaudinio we Malkom Russiýanyň raýaty boldy

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary başlaýar

Ata Watan Eserleri