BILIM

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi doktor Farýal Legharyň «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda, Yslamabadyň bilim ulgamynda Aşgabat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar diýlip bellenilýär.

Ilçiniň belleýşi ýaly, halkara derejesindäki Pakistanyň uniwersitetleri, hünär taýýarlygy boýunça ýöriteleşdirilen merkezler, lukmançylyk institutlary, şeýle hem kiberdolandyryş, maglumat tehnologiýalary, emeli aň we maşyn öwreniş ugurlary boýunça okuw mekdepleri türkmen ýaşlaryna we hünärmenlerine elýeterli bolup biler.

«Pakistan öz okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryna talyp haky bermäge, urdu we türkmen dillerinde iki dilli okuw maksatnamalaryna başlamaga, şeýle hem halkara mekdebini döretmäge taýýardyr» diýip, makalada bellenilýär.

Diplomat nygtaýşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy diňe bir bilimde däl, eýsem medeni alyş-çalyşlarda, sungatda, modada we sportda giňeltmek maksadalaýykdyr.

Related posts

Harby instituta okuwa çagyrýarys!

Sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar