DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Hytaýda döwlet saparynda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 23-25-nji ýanwarda Hytaý Halk Respublikasynda döwlet saparynda bolar. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Hua Çunin habar berdi.

– Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça 23-25-nji ýanwarda Hytaýda saparda bolar – diýip, Hua Çunin belläp geçdi.

Hytaý Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşydyr. 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 44,9 göterim artyp, 14 milliard dollara barabar boldy.

Related posts

Bäsleşik: onlaýn wideo bäsleşigi

BAE-de täze ýolbaşçylar wezipä bellendi

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi

Ata Watan Eserleri