BILIM

Onlaýn okamaga isleg artýar

Koronowirus sebäpli käbir çäklendirmeler Gyrgyzystanyň milli kitaphanasynyň gaznasyndaky kitaplary onlaýn görnüşde okaýanlaryň sanyny görnetin artdyrdy ― diýip, «KirTAG» habar berýär.

Bu kitaphana tarapyndan guralan «Açyk elektron kitaphana» hyzmaty dünýäniň ähli okyjylary üçin elýeterlidir. Şeýlelikde, soňky bir aýyň içinde kitaphananyň resmi saýtynyň agzalary 12210 adam artdy. Bu bolsa kitaphananyň şonça okyjysynyň köpelendigini görkezýär. Saýtdaky kitaplar her gün, ortaça, 1500 gerek görülýär.

Onlaýn kitaphanadan peýdalanyjylaryň 86,9 göterimi Gyrgyzystanyň öz raýatlarydyr. Şeýle hem Özbegistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň raýatlary onlaýn kitaphana has köp isleg bildirýärler. Täze agzalaryň agramly bölegi 11 ýaşdan uly adamlardyr.

Esasan, rus, gyrgyz we iňlis dillerindäki çeper eserlere hem-de matematika boýunça gollanmalara has köp isleg bildirilýär.

Related posts

Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleri ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna giriziler

Ýaşlar üçin amaly biznes sapagy: «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar»

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty: “Açyk Gapylar 2023”