SPORT

Olimpiýa şäherçesinde sport festiwaly geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy 17-nji sentýabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde sport festiwalyny geçiriljekdigini habar berýär.

Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, festiwal “Biz güýçli, biz deňdiris” şygary bilen geçiriler we dürli sport görnüşlerinde höwesjeň ýaryşlary guralar.

Sport festiwalynyň maksady maýyp çagalaryň we ýaşlaryň yzygiderli bedenterbiýe we sporta bolan höwesini ýokarlandyrmak we bu meselelere jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybarat.

Related posts

3 ýaşly hindi küştçi FIDE-niň iň ýaş küştçisi boldy

Türkmenistanyň ýygyndysy Dubaýda okuw-türgenleşigini geçirýär

Türkmenistan Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar