JEMGYÝET

Milli Liderimiz: «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» konsepsiýasy örän uly goşulyşmak taslamasynyň özeni

Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» konsepsiýasy örän uly goşulyşmak taslamasynyň özenini düzýär –  diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagynda belläp geçdi.

Bu Konsepsiýanyň taslamasynyň çäklerinde üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek, esasy ulag-logistika merkezlerini emele getirmek arkaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny görýäris. Munuň üçin häzirki zaman milli üpjünçilik ulgamlaryny döretmek zerurdyr, diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

– Türkmenistanda Türkmenbaşy — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag gatnawlaryny sebit we halkara daşamalary bilen baglanyşykly ep-esli ösdürmek üçin mümkinçilikler açylýar.  Häzirki döwürde Türkmenistan Hazarda kuwwatly port üpjünçilik ulgamlaryna eýedir. Biziň ýurdumyz şol üpjünçilik ulgamlaryny günbatar ugurda Hazarüsti üstaşyr geçirmegi çaltlandyrmak we giňeltmek bähbidi bilen ulanmak boýunça tekliplere seretmäge taýýardyr.

Türkmenistan dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň esasy merkezine öwrülýär. Diňe soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ulag ulgamynda alty Kararnama kabul edildi. Şolaryň hatarynda 2024-nji ýylda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag boýunça on ýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biziň döwletimiz onýyllygyň maksatlaryny durmuşa geçirmäge gözegçilik etmek üçin toplumlaýyn seljeriş we maglumat guraly bolan Durnukly ulag baglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer – diýip, Milli Liderimiz belledi.

Related posts

Diplom Ykrar Etmek : Peýdaly Maglumat

vepa

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistana geldi

Gadymy Müsürde ösen tehnologiýa bolupdyr

vepa