TEHNOLOGIÝA

“Mersedes”-iň Germaniýada önümçiligi togtadyldy

“Mersedes”-e degişli kompaniýa bolan «Daimler» global çip krizisi sebäpli Germaniýanyň 2 desgasynda önümçiligini togtatjakdygyny mälim etdi. Awtoulag pudagy soňky aýlarda köpelýän çip üpjünçiligi meselesi sebäpli kynçylyk çekýär. “Daimler” -iň beren beýanyna görä, kompaniýanyň 18,500 işgäri iş wagty gysgaldyldy. Nemes markasynyň zawodlarynyň 23-nji aprelden başlap 1 hepde ýapyk boljakdygy mälim edildi. Krizisiň esasy sebäbi, pandemiýa wagtynda öýde sarp edilýän wagtyň köpelmegi we çip öndürijileriniň sarp ediş elektronikasynyň önümlerine bolan islegiň artyp bilmezligi diýip düşündirildi. Şol sebäpli hem sarp ediş elektronika markalary, hem-de awtoulag pudagy üçin çip öndürýän kompaniýalar 5 aý töweregi wagt bäri islegi kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýärler. “General Motors” “Volkswagen” we “Ford” dünýädäki çip krizisine iň köp täsir eden markalardyr.

 

Ýurdumyzda “Jet A-1” ýangyjyň önümçiligini ýola goýlar

 

 

Related posts

Türkmenistanyň täze gözleg motory “Gözle”

Dünýäniň iň giň köprüsini gurýarlar

Şu hepdäniň howa maglumaty

Ata Watan Eserleri