BIZNES

Merkezi bankyň ozalky başlygy Senagat bankyň ýolbaşçysy boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Gadyrgeldi Müşşikow “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlandy.

Bu barada gol çekilen resminamalar:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Täçmuhammet Ýazmuhammedowiç Täçmuhammedowy, başga işe geçmegi sebäpli, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda bu bankyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda bu bankyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.

 

 

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Related posts

Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça “ýol kartasy” tassyklandy

Birža täzelikleri: owgan telekeçileri nebit önümlerini satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna girişiler