DÜNÝÄ

«Merkezi Aziýa – Hytaý» ikinji sammiti Gazagystanda geçiriler

Şu gün HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji Sammitine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Sammitiň netijeli boýunça döwlet Baştutanlary Sian Jarnamasyna gol çekdiler. Şeýle hem olar Sian şäherindäki seýilgähde sammitiň hormatyna agaç nahallaryny oturdylar.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanlary «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji Sammitiniň çäklerinde mundan beýläk döwlet ýolbaşçylary derejesinde degişli mehanizmi döretmek babatda ylalaşdylar.

Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň sekretariatyny Hytaýda döretmek meýilleşdirilýär.

2025-nji ýylda «Merkezi Aziýa – Hytaý» ikinji sammitini Gazagystanda geçirmek göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem Hytaý we Merkezi Aziýa döwletleri nobatma-nobat her 2 ýyldan bir gezek bu sammiti kabul ederler.

Related posts

Şokoladdan ekologiýa taýdan arassa ekologik tigir diskalary

Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda 20 sany dünýä lideri bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Şa zenany Ýelizawetanyň mum heýkeli ýasaldy

Leave a Comment