SPORT

Mario öz ýoluny Italiýada dowam edip biler

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyñ oýunçysy Mario Gýotze öz ýoluny Italiýada dowam edip biler. 27 ýaşly Mario Gýotze bilen Italiýanyñ “Inter”, “Milan” we “Napoli” toparlary gyzyklanýar. “Borussiýanyñ” düzüminde Marionyñ şertnamasy 2020-nji ýylyñ tomusynda tamamlanýar.

Mario Gýotze 2014-nji ýylyñ futbol boýunça dünýä çempionatynda Argentina milli ýygyndysyna goşmaça wagtynda gol geçirip, Germaniýa döwletine dünýä çempiony diýen adyny gazandyran futbolçylaryň biridir.

Related posts

Marsýal “Sewilýa” toparyna kärende berildi

Ata Watan Eserleri

Luçesko “Dinamo Kiýew” toparyna tälim berer

Türkmen samboçylary Aziýa çempionatynyň ilkinji gününde 6 medal gazandy