SPORT

«Liwerpul» «Barselonanyň» oýunçysy Arauhony kärendesine aldy

«Barselona» toparynyň goragçysy Ronald Arauho 2026/2027 möwsümi üçin kärende esasynda «Liwerpul» toparyna geçdi. Bu barada iňlis klubynyň metbugat gullugy mälim etdi.

Arauho «Barselonanyň» birinji kapitany bolup, 2018-nji ýyldan bäri klubuň düzüminde çykyş edýär. Goragçy «Barselonanyň» esasy topary bilen Ispaniýanyň içerki ýaryşlarynda sekiz kubok gazandy.

Geçen möwsümde urugwaýly goragçy Ispaniýanyň klubynyň düzüminde ähli ýaryşlarda 38 oýna gatnaşyp, dört gol geçirdi.

27 ýaşly futbolçynyň «Barselona» bilen şertnamasynyň möhleti 2031-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar.

Related posts

Tokio-2020: 101 ýyldan soňra medalsyz galdylar

Hem kubogy gazandyrdy hem-de kubogy döwdi

Ata Watan Eserleri

“Real” 16 ýaşly futbolçyny satyn aldy

Ata Watan Eserleri