JEMGYÝET

Kristen Stýuart 30 ýaşady

Golliwudyň meşhur aktrisalaryndan we soňky ýyllaryň ösüp gelýän ýyldyzy Kristen Stýuart 30 ýaşady. 1990-njy ýylyň 9-njy aprelinde dünýä inen Kristen “Fox” kompaniýasynyň prodýuseri Jon Stýuartyň we awstraliýaly ssenariýaçy Jýul Stýuartyň gyzydyr. Kaliforniýa ştatynyň Los-Angeles şäherinde doglan meşhur aktrisa 1999-njy ýylda “Disneý” teleýaýlymynda ilkinji kino keşbini ýerine ýetirdi. Deýwid Finçeriň “Holywood” filmi onuň ilkinji uly göwrümli filmi boldy.

Şondan soň ol ençeme filmlerde surata düşüp, Golliwuddaky şöhrat basgançaklaryny ädimläp öňe barýar.

Related posts

Welaýatlarda ýolagçy awtomenzilleriň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti “Arkadag” futbol toparyny gutlady

Türkmen metbugatynda 29.01.2019ý

vepa