MEDENIÝET

Kemine teatry täze eseri sahnalaşdyrýar

Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry şu günler «Arçman rowaýaty» atly täze drama eserini sahnalaşdyrýar ― diýip, «Edebiýat we sungat» gazeti habar berýär.

Eseriň edebi esasyny «Baýramaly» şypahanasynyň lukmany Amanmyrat Allakow ýazdy. Eserde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabyndan ugur alynýar.

Pýesa Türkmenistanyň Prezidentiniň sözleri bilen başlaýar we taryhy rowaýat bilen baglanyşyp gidýär. Taryhy pýesada Arçmanyň öz maksadyna ýetip bilmezligi üçin gurnalýan gapma-garşylyklardan üstün çykyşy ussatlyk bilen beýan edilýär. Arçmany duçar bolan derdinden halas edýän gudratly suwuň adamlara melhem bolmagy türkmen topragynyň ýerasty mineral suwlara, çeşmelere baýdygyny subut edýär.

 

Related posts

Türkmen filmleri Daşkent festiwalyna gatnaşýar

Parahatçylygyň saýrak bilbili

Çynara: Bu aýdym türkmen we türk halkyna sowgadymyz

Ata Watan Eserleri