SPORT

Katar-2022: Ronaldo we Neýmar ýaşyl meýdança çykýar

Katar 2022-de çempionatyň 5-nji güni, ýagny 24-nji noýabrda (penşenbe güni) futbolyň iň esasy ýygyndylary meýdança çykýar. Neýmarly Braziliýa, Suaresli Urugwaý hem-de Ronaldoly Portugaliýa çempionatdaky ilkinji duşuşyklaryny geçirerler. 5-nji günde hem 4 duşuşyk oýnalyp, duşuşyklar adatça bolşy ýaly 15:00-da, 18:00-da, 21:00-de hem-de 00:00-da başlar.

 “G” topar

Şweýsariýa bilen Kamerun duşuşar. 15:00-da başlajak oýun Al Wakradaky “Al Janoub stadionynda oýnalar we oýna argentinaly Fakundo Tello eminlik eder.

 “H” topar

Urugwaý bilen Günorta Koreýanyň ýygyndysy duşuşar. 18:00-da başlanjak oýunda fransiýaly Klemen Turpen jürlewük çalar.

 “H” topar

Kristiano Ronaldonyň ýygyndysy Portugaliýa bilen Gananyň ýygyndysy özara güýç synanyşar. “Stadium 974” stadionynda sagat  21:00-da başlanjak oýnuň emini amerikaly Ismail Elfath bolar.

“G” topar

00:00-da başlanjak duşuşykda Braziliýa bilen Serbiýanyň ýygyndysy duşuşar. “Lusail Iconic” stadionynda oýnaljak oýna eýranly Alireza Fagani eminlik eder.

Related posts

Ronaldo futbol ýoluny “Marselde” dowam etdirer

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary ýeňilmezek çempion

16 ýyldan soň çempion boldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment