BIZNES

Işewür zenanlar üçin mugt onlaýn sapak

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) ýolbaşçylary we telekeçileri, şeýle hem ýokary we orta ýolbaşçylary “Işewür zenanlar” – “Ýerine ýetiriji ýolbaşçy” başlangyjynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylara täsir etmek endiklerini ýokarlandyrmak boýunça onlaýn geçiriljek okuwa gatnaşmaga çagyrýar.

Okuw onlaýn görnüşinde bolup, (günde 3 sagat): 2022-nji ýylyň 23-nji, 25-nji, 28-nji, 30-njy martda we 1-nji hem-de 4-nji aprelde geçiriler.

Okuwa gatnaşmak mugtdur.

Bu okuw Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Gatnaşýanlaryň sany çäklidir, şeýlelikde gatnaşyjylary saýlamak bäsdeşlik esasynda geçiriler.

Okuwlara gatnaşmak üçin 2022-nji ýylyň 4-nji martyndan gijä galman, doldurylan arzany orazovaz@ebrd.com elektron poçtasyna iberiň.

 

 

Birža täzelikleri: polipropilen we polietilen satyn alyndy

Related posts

“MULTIMODAL IPEK YOLU” TÜRKMENİSTAN’IN GİRİŞİMİYLE HAYATA GEÇİYOR

vepa

Ulag we kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisiniň Owganystandaky hereket meýilnamasy maslahatlaşyldy