TEHNOLOGIÝA

Internet tizligini ýokarlandyrmak üçin täze taslama

“Facebook” we “Google” kompaniýalary ABŞ bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda internet tizligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin suwasty internet kabeliniň iki sany täze taslamany durmuşa geçirjekdiklerini habar berdiler. Şeýle hem “Facebook” kompaniýasynda berlen beýanatyna görä, bu taslama Singapur, Indoneziýa we Demirgazyk Amerikany birleşdirmek üçin möhüm waka bolar. Mundan başga-da, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti bilen Demirgazyk Amerikanyň arasynda goýuljak kabelleriň internet geçirijiligini giňeltjekdigi görkezildi. Bu internet kabelleri “Eho” we “Bifrost” diýip atlandyrylar.

“Google” kompaniýasy “Eho” taslamasyna, “Facebook” kompaniýasy bolsa “Bifrost” taslamasyna maýa gönükdirerler. Kompaniýanyň beýanatynda aýdylşy ýaly, kabel sebitdäki “Google Cloud Platform” -da işleýän programmalara birikýän ulanyjylar üçin garaşmasyz girmäge mümkinçilik döreder. Bular ýaly taslamalar infrastruktura oňyn netijeler görkezer. “Eho” atly kabel taslamasy “Google” kompaniýasy bilen bilelikde Indoneziýanyň “XL Axiata” telekommunikasiýa kompaniýasy amala aşyrar. 2023-nji ýylda ulanyşa taýýar edilmegine garaşylýar. “Bifrost” taslamasyna bolsa “Facebook” kompaniýasynda başga-da Indoneziýanyň “Telkom” we “Keppel” kompaniýalary gatnaşar we 2024-nji ýylda ulanyşa hödürlener.

Sues kanaly täzeden açyldy

 

 

Related posts

Aprel aýynyň iň çalt işleýän akylly telefony

Näme üçin “Airbus” 260 million dollarlyk uçaryny satyp bilmedi?

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar