DÜNÝÄ

Ilon Mask Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi

Amerikaly işewür, “SpaceX” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we “X” (ozalky “Twitter”) jemgyýetçilik torunyň eýesi Ilon Mask parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi. Bu barada Angliýanyň “Daily Mail” neşiri habar berýär.

Dünýäniň iň baý işewürleriniň biri hasaplanýan Ilon Masky norwegiýaly deputat Marius Nilsen bu abraýly baýraga dalaşgär hökmünde görkezmegi teklip etdi. Onuň bellemegine görä, Ilon Maskyň jemgyýetiň durmuşyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologik kompaniýany esaslandyrdy.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi oktýabr aýynda yglan edilýär.

Bu abraýly baýraga mundan ozal, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp hem-de NATO guramasynyň baş sekretary Ýens Stoltenberg hem dalaşgär görkezilipdi.

Related posts

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň 102 ýyllygy dabaraly bellendi

Tokaýew Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň başlyklygy Täjigistana geçdi