JEMGYÝET

Ilçi daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu duşuşyk barada ilçihananyň sosial aragatnaşyk torlaryndaky sahypasynda habar berildi.

Ilçi bilen kompaniýalaryň wekilleriniň arasyndaky duşuşykda, esasan, hindi işçilerini iş bilen üpjün etmek, olaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we dürli taslamalar barada hindi kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Widhu Pithambaran Nair Türkmenistandaky diolomatik işine geçen ýylyň sentýabr aýynda girişdi. Şu ýylyň ýanwarynda bolsa ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary M.Geldinyýazow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirip, iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş we bilim babatyndaky hyzmatdaşlyklaryň geljegi barada pikir alyşdy.

 

Ýewropa Bileleşigi ýene-de bir sanjymy bellige aldy

 

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystana kömek bermäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: 30 million bag ekiler

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider Sağlık yolunu geçti

vepa