DÜNÝÄ

Hytaýda kinoteatrlar açyldy

Koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen mundan alty aý ozal ýapylan hytaý kinoteatrlary 20-nji iýulda gaýtadan işläp başlady. Hytaý hökümeti mundan beýläk kinoteatrlar kesel ýokuşmak howpunyň azdygyny aýdýarlar.

Ýöne olarda berk düzgünler bolar. Mysal üçin, kinoteatrlar umumy orunlarynyň 30 göterimi möçberinde tomaşaçy alyp bilerler. Zala girmänkä, tomaşaçylaryň gyzgyny barlanylýar we hemmelerden örtük dakynmak talap edilýär. Filmler üçin petekler internet arkaly satylýar. Zala iýmit ýa-da içimlik getirmek häzirlikçe gadagan.

Hytaý kinematografiýasy şu ýyl pandemiýa sebäpli uly ýitgileri çekdi. Geçen ýyl ýurtda diňe filmleriň görkezilişinden 9 milliard 200 million dollar girdeji gazanylypdy.    

Related posts

Türkmenistan-Özbegistan: 451 million dollarlyk ylalaşyklara gol çekildi

Bosgunlar boýunça ýokary derejeli wekilleriň maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Ilkinji zenan kazylar