DÜNÝÄ

Hytaý ilkinji marsohodyny uçurdy

Hytaý Marsda hyzmat etjek ilkinji gözleg ulagy bolan kosmos gämisini uçurdy. Hytaýlylar tarapyndan uçurylan kosmos gämi 7 aýda 55 million kilometr ýoly geçip, 2021-nji ýylyň fewral aýynda Marsa ýeter diýlip garaşylýar.

Hytaýyň kosmos işi diňe bir Mars bilen çäklenmeýär. Hytaý döwleti 2023-nji ýyla çenli orbitada üç kapsuladan ybarat bolan adamly kosmos stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär.

Hytaý döwleti 1956-njy ýylda kosmos gözleglerine başlap, 1970-nji ýylyň 24-nji aprelinde ilkinji emeli hemrasyny orbita uçurdy.

Hytaý 2045-nji ýyla çenli “kosmosyň öňdebaryjysy” bolmagy maksat edinýär.

Related posts

Aşgabatda «C5+1: ygtybarly emeli aň we sanlylaşdyrma» atly seminar geçirildi

Türkiýe Hazar sebitiniň ekologik howpsuzlygy we durnukly geljegi ugrunda hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Köp sanly raýatlara we daşary ýurtlulara «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany gowşurylýar