BIZNES

Hytaý awtoulag eksportynda rekord goýdy

Hytaýyň awtoulag öndürijiler birleşiginiň habaryna görä, ýurduň awtoulag eksporty 2023-nji ýylda 5,26 million birlige ýetdi. “Wall Street Journal” bu barada habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, bu daşary ýurtlara awtoulag üpjünçiligi boýunça adaty lider Ýaponiýanyň netijesinden takmynan 1 million köpdür.

Ösüşiň esasy hereketlendirijisi Russiýadan bolan has köp islegdir, bu ýerde hytaý awtoulag öndürijileri eksportuny 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende azyndan 5 esse artdyryp, 800 müň birlige ýetirdi.

– “Geçen ýyl “Chery” kompaniýasy Hytaýyň iň uly awtoulag eksportçysy boldy we 900 müňden gowrak awtoulagy daşary ýurda iberdi. Bu “Tesla” ýa-da “BYD” kompaniýalaryndan has kän “-diýdi Hytaýyň awtomobil birleşiginiň baş sekretary suý Dunşu belledi.

 

Related posts

BAE arassa energiýa üçin 163 milliard dollar maýa goýýar

Türkmenistan özüniň eksportda gazananlaryny görkezer

Türkmenistanda ýokary oktanly awtomobil benzininiň çykarylyşy özleşdirildi