DÜNÝÄ

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik taryhynda zyýanly hapalanmanyň iň güýçli azalmagydyr — diýip, Halkara energetika gullygy aýdýar.

Halkara Energetika gullygynyň bellemegine görä, 2020-nji ýylda global kömürturşy zyňyndylary 8% ýa-da takmynan 2,6 Gt derejesine çenli azalmagyna garaşylýar. “Bu azalma taryhda iň ulusy bolar, bu maliýe çökgünligi sebäpli 2009-njy ýyldaky 0,4 Gt derejesinden hem 6 esse köpdür. Bu hadysa Beýik Watançylyk urşundan bäri zyňyndylaryň azalmagy bilen deňeşdirilende bolsa, iki esse köpdür — diýip, Halkara Energetika gullygy hasabatynda okyjylara ýetirýär.

Karantin çäreleriniň netijesinde aprel aýynda dünýädäki nebite bolan isleg 25 million barrel azaldy. Bu hem howanyň hem arassa galmagyna örän uly täsirini ýetirýär.

Related posts

Ýewropanyň güni Aşgabatda bellendi

Türkmen-britan hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Braziliýa arasynda syýasy geňeşmeler geçiriler

Ata Watan Eserleri