BILIM

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bag ekmek çäresi geçirdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagatyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedowyň gatnaşmagynda bag ekmek çäresi geçirildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu çäre türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýan planetanyň ýaşyl geljegini öňe sürmek üçin döredilen #Plant4Mother başlangyjynyň bir bölegi hökmünde guraldy.

Related posts

Başlangyç hünär okuw mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi

Ata Watan Eserleri

Koreýanyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

Türkmen ýaşlary Türkiýede uçarman ugry boýunça okuwa çagyrylýar