DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň ilkinji milli emeli hemrasy orbita çykaryldy

Gyrgyz Respublikasynyň ilkinji milli emeli hemrasy orbita çykaryldy. Prezident Sadyr Žaparow 1-nji oktabrda, ABŞ-a amala aşyran iş saparynyň çäklerinde emeli hemranyň kosmosa ugratmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Prezidentiň metbugat gullugy habar berýär.

Uçuş Kaliforniýa ştatyndaky Wandenberg harby-howa bazasyndan “SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” göteriji raketasynyň kömegi bilen amala aşyryldy.

Emeli hemra bir göteriji raketa arkaly uçurylan kosmos apparatlarynyň toparynyň düzüminde orbita çykaryldy. Onuň kosmosa çykarylmagy Gyrgyzystan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň bilelikdäki işiniň netijesi boldy. Emeli hemrany dolandyrmak Bişkekde ýerleşýän Dolandyryş merkezinden amala aşyrylar.

Hemranyň kosmosa çykarylmagy Gyrgyzystan üçin dürli ulgamlarda kosmos maglumatlaryny peýdalanmagyň täze mümkinçiliklerini açýar. Alynýan maglumatlar oba hojalyk ýerlerine, buzluklara, suw desgalaryna, tokaýlara we öri meýdanlaryna gözegçilik etmäge, şeýle hem tebigy ekoulgamlardaky üýtgeşmelere syn etmäge mümkinçilik berer.

Emeli hemradan alynýan maglumatlar ýerasty baýlyklaryň bikanun ulanylmagyny, rugsatsyz zibilhanalary we beýleki hapalanma çeşmelerini ýüze çykarmak, şeýle hem logistika ugurlaryny optimallaşdyrmak üçin peýdalanylar.

Kosmos tehnologiýalary tebigy töwekgelçiliklere gözegçilik etmek we olary irki tapgyrda ýüze çykarmak üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar. Alynýan maglumatlar guraklygyň, suw joşgunlarynyň, ýer süýşmeleriniň, sil akymlarynyň we tokaý ýangynlarynyň alamatlaryny has tiz ýüze çykarmaga mümkinçilik berer, bu bolsa öz wagtynda garşy çäreleri görmäge we ähtimal zyýany azaltmaga goşmaça mümkinçilikler döreder.

Geleçekde emeli hemranyň maglumatlary döwlet sanly ulgamlary bilen birleşdiriler we giňişlik kartalaryny hem-de analitik modelleri döretmek üçin ulanylar. Bu bolsa döwlet çözgütlerini kabul etmekde, maýa goýum meýilleşdirilişinde we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde obýektiv maglumatlary peýdalanmaga şert döreder.

Emeli hemra maglumatlarynyň superkompýuter tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylyp ulanylmagy Gyrgyzystanyň ykdysady we tebigy serişdelerini has takyk hem-de netijeli dolandyrmak üçin binýat döreder.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni Tokioda bellendi

Kamboja Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa + ASEAN» formatyny döretmek başlangyjyny goldady

Ata Watan Eserleri